I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda; 2017 ý., № 1, 33-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:
1. 30-njy maddanyň üçünji böleginiň 2-nji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:
«Bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde degişli döwlet salgyt gulluklary tarapyndan bellige alnan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara zähmet depderçeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan resmileşdirilýär.».
2. 33-nji maddanyň altynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«6. Işgäriň razylygy bilen iş berijileriň arasyndaky ylalaşyk boýunça başga kärhana işe geçirilende, işgär bilen baglaşylan zähmet şertnamasy şu Kodeksiň 39-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda ýatyrylýar.».
3. Kodeksiň ýazgysynda 34-nji maddanyň dördünji böleginde, 36-njy maddanyň üçünji böleginde, 112-nji maddanyň birinji böleginde, 117-nji maddanyň birinji, ikinji we dördünji böleklerinde, 118-nji maddada, 121-nji maddanyň ikinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde, 122-nji maddada, 123-nji maddada, 124-nji maddanyň birinji böleginde, 126-njy maddanyň birinji böleginde, 127-nji maddanyň dördünji böleginiň 2-nji bendinde, 128-nji maddada, 140-njy maddada, 147-nji maddanyň dördünji böleginde, 254-nji maddanyň ikinji böleginde, 275-nji maddanyň 11-nji we 12-nji bentlerinde, 287-nji maddanyň birinji we ikinji böleklerinde «tarif stawkasy (aýlygy)», «tarif stawkalary we aýlyk wezipe», «wezipe», «tarif stawkalary, aýlyk wezipe», «tarif stawkalarynyň, aýlyk wezipe», «gündelik stawkalar», «gündelik stawkanyň», «tarif stawkasyna (aýlygyna)», «tarif stawka (aýlyga)», «sagat stawkasynyň», «hak stawkalara», «tarif stawkasynyň», «(wezipe aýlygyň) tarif stawkasynyň», «tarif stawkasynyň (aýlygyň)», «wezipe hakynyň», «tarif stawkalaryndan», «tarif stawkasyny», «(wezipe aýlyk haky, tarif stawkasy)», «tarif stawkasy», «(stawkasy)», «(stawkasyna)», «tarif stawkasynyň (aýlygynyň)», «tarif stawkasy» diýen sözleri degişlilikde «tarif möçberi (aýlyk zähmet haky)», «tarif möçberi we aýlyk zähmet», «zähmet», «tarif möçberleri, aýlyk zähmet», «tarif möçberleriniň, aýlyk zähmet», «gündelik möçberler», «gündelik möçberiň», «tarif möçberine (aýlyk zähmet hakyna)», «tarif möçbere (aýlyk zähmet haka)», «sagat möçberiniň», «hak möçberlere», «tarif möçberiniň», «(zähmet hakynyň) tarif möçberiniň», «tarif möçberleriniň (aýlyk zähmet hakynyň)», «aýlyk zähmet hakynyň», «tarif möçberlerinden», «tarif möçberini», «(aýlyk zähmet haky, tarif möçberi)», «tarif möçberi», «(möçberi)», «(möçberine)», «tarif möçberiniň (aýlyk zähmet hakynyň)», «tarif möçberi» diýen sözlere çalşyrmaly.
4. 37-nji maddanyň üçünji böleginde «üýtgemegi» diýen sözden soň «, üýtgedilip gurulmagy» diýen sözleri goşmaly.
5. 39-njy maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendine şu mazmunly tesimi goşmaly:
«Şunlukda ýokarda durýan edaranyň buýrugy boýunça bir ministrligiň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaranyň ulgamynda işgäriň başga kärhana işe geçirilmegi zähmet şertnamasynyň bes edilmegine (ýatyrylmagyna) esas bolup bilmeýär.».
6. 48-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:
«3. Eger işgäriň rugsatda ýa-da wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy döwründe zähmet şertnamasynyň möhleti gutaran bolsa, onuň bilen baglaşylan zähmet şertnamasynyň hereketi, rugsadyň soňky gününden ýa-da onuň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň gutarmagy bilen, işe çykan gününden bes edilýär.».
7. 87-nji maddada:
üçünji böleginiň 5-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:
«6) ýokarda durýan edaranyň buýrugy boýunça bir ministrligiň ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edaranyň ulgamynda başga işe geçirilen işgäre her ýylky esasy rugsat şol ulgamda hakyky işlän döwrüne laýyklykda berilýär.»;
altynjy bölegiň 2-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:
«2) on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara;».
8. 89-njy maddanyň bäşinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«5. Işgäriň her ýylky esasy rugsady peýdalanýan döwri onuň goşmaça rugsady ýa-da göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsady bilen gabat gelen ýagdaýynda, ýa-da işgär wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolan halatynda, her ýylky esasy rugsadyň günleri, şol döwre gabat gelýän goşmaça ýa-da göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň ýa-da wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň günleriniň sanyna uzaldylýar.».
9. 101-nji maddany güýjüni ýitiren hasap etmeli.
10. 103-nji maddada:
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan dowamlylykdan başga-da, zähmet haky tölenilmeýän rugsat şu işgärlere olaryň islegine görä berilýär:
1) on dört ýaşa çenli bir ýa-da şondan köp çagany (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagany) terbiýeleýän ýanýoldaşsyz ata ýa-da enä ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara — on dört senenama gününe çenli;
2) maýyplara — otuz senenama gününe çenli;
3) ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebine giriş synaglaryna goýberilene — degişlilikde on bäş we on senenama gününe çenli, aspirantura — on bäş senenama gününe çenli, şunda görkezilen möhletlere okuw mekdebiniň ýerleşýän ýerine giden we yzyna gaýdan wagty girmeýär;
4) gündizki-gaýybana we gaýybana görnüşleri boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň soňky okuw ýylynda önümçilikden aýrylman okaýan işgäriň islegi we degişli okuw mekdebiniň haty boýunça diplom taslamasyny (işini) taýýarlamak üçin – otuz senenama gününe çenli;
5) syrkawlan maşgala agzasyna seretmek üçin hossaryna — saglygy goraýyş edarasy tarapyndan bellenilen möhlete;
6) Türkmenistanyň bilim edaralarynda işleýän daşary ýurtly mugallymçylyk işgärlere – otuz senenama gününe çenli;
7) ýaşy boýunça pensionere — otuz senenama gününe çenli.»;
dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«4. Önümçilik sebäpleri boýunça (enjamlaryň, mehanizmleriň hatardan çykmagy, çig malyň, serişdeleriň (materiallaryň), elektrik energiýasynyň bolmazlygy ýa-da ýetmezçiligi we beýlekiler) boş durlan mahalynda kärdeşler arkalaşygynyň ýa-da işgärleriň beýleki wekilçilikli guramalarynyň ylalaşygy boýunça iş berijiniň işgärlere üç aýa, aýratyn halatlarda bolsa — on iki aýa çenli zähmet haky tölenmeýän rugsady bermäge haky bardyr.».
11. 110-njy maddada:
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Zähmet haky — munuň özi iş düzgüni, zähmet şertleri bilen baglanyşykly, işgäriň hünärine, onuň ýerine ýetirýän işiniň çylşyrymlylygyna, mukdaryna we hiline baglylykda ýerine ýetiren işiniň, amala aşyran hyzmatynyň pul bilen aňladylmasydyr, şeýle hem höweslendiriş häsiýetli töleglerdir.»;
üçünji böleginde «(tarif derejesini, aýlyk wezipe haky)» diýen sözleri «(tarif möçberini, aýlyk zähmet haky)» diýen sözlere çalşyrmaly;
ýedinji böleginde «Tarif stawkasy (aýlyk wezipe haky)» diýen sözleri «Tarif möçberi (aýlyk zähmet haky)» diýen sözlere çalşyrmaly;
sekizinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«8. Iş düzgüni we zähmet şertleri bilen baglanyşykly tölegler — zähmet goraglylygyny üpjün etmek hem-de kadaly iş şertlerinden daşlaşýan belli bir derejede saglyga täsir edýän zähmet şertleriniň öwezini dolmak maksady bilen, işgärleriň tarif möçberlerine (aýlyk zähmet haklaryna) dürli görnüşli goşmaça hak tölegleriň jemidir. Şeýle töleglere şu aşakdakylar degişlidir: zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply) zähmet şertlerinde, gijeki wagtda, dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk ýa-da hatyra günlerinde, aýratyn howa şertleri bolan ýerlerde, kärleriň (wezipe) utgaşdyrylmagynda, iş wagtyndan daşary işlenilen işleri, şeýle hem sürüjileriň kadalaşdyrylmadyk iş güni üçin zähmet haklaryna goşmaça hak.».
12. 120-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Iş wagtyndan daşary ýerine ýetirilen iş üçin işgäriň islegine görä, ýokarlandyrylan zähmet hakyna derek iş wagtyndan daşarky işlenilen sagatlardan ýokary geçmeýän möçberde ýylyň dowamynda rugsat berlip bilner.».
13. 131-nji maddada:
ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«2. Ortaça zähmet haky hasaplanylanda, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar tölenilýän zähmet hakynyň ähli görnüşleri, şol sanda rugsatlaryň tölegleriniň jemi hasaba alynýar, muňa şu Kodeksiň 270-nji maddasynda bellenilen esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça zähmet haky, şeýle hem zähmete hak tölemegiň hereket edýän ulgamy bilen şertlendirilmedik tölegler girmeýär.»;
üçünji bölegiň üçünji tesiminde «wezipe aýlyk hakyndan (tarif stawkasyndan)» diýen sözleri «aýlyk zähmet hakyndan (tarif möçberinden)» diýen sözlere çalşyrmaly.
14. 241-nji maddada:
üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Göwreli aýallar we üç ýaşa çenli çagasy (on sekiz ýaşa çenli maýyp çagasy) bolan aýallar bilen zähmet şertnamasynyň iş berijiniň başlangyjy boýunça ýatyrylmagyna ýol berilmeýär, kärhananyň ýatyrylan ýa-da iş beriji — fiziki şahs tarapyndan işiň bes edilen, zat eýesiniň emläginiň ogurlanan, zähmet düzgün-nyzamynyň yzygiderli bozulan halatlary, şeýle hem zähmet şertnamasynyň möhletiniň gutarmagy bilen bes edilen, şol sanda şu maddanyň dördünji, bäşinji we altynjy böleklerinde görkezilen halatlar muňa degişli däldir.».
altynjy bölegi şu görnüşde beýan etmeli:
«6.Wagtlaýyn ýok işgäriň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zähmet şertnamasy baglaşylan aýalyň zähmet şertnamasynyň möhletiniň gutarmagyna çenli ol göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsady resmileşdiren bolsa, zähmet şertnamasynyň möhletiniň gutarmagy bilen onuň işden çykarylmagyna ýol berilýär, ýöne ol aýalyň göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadynyň tamamlanmazyndan öň bolup bilmez.».
15. 293-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«1. Iş beriji — ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahsda zähmet şertnamasy esasynda işleýän işgärleriň zähmet işi hakyndaky maglumatlar olaryň zähmet depderçelerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan girizilýär.».
16. 296-njy maddanyň üçünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«3. Aýry-aýry adamlaryň öý we (ýa-da) şahsy kömekçi hojalygynda işleýän işgärleriň zähmet işi hakyndaky maglumatlar olaryň zähmet depderçelerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýerlerdäki zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralary tarapyndan girizilýär.».
17. 404-nji maddanyň adynda «hakyndaky» diýen sözi aýyrmaly.
II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär, şu Kanunyň 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän birinji böleginiň 1-nji, 15-nji we 16-njy bentleri muňa degişli däldir.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.